Industrial Equipment & Machinery Manufacturer

Täzelikler

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Köneürgenç etrabynda ýerleşýän pagta egriji kärhanasynda her ýylda pagta süýüminiň 6,7 müň tonnasyny gaýtadan işlemek mümkinçiligi bar.

Şonuň netijesinde bu ýerde dürli belgili nah ýüplükleriň uly möçberi öndürilýär. Kärhananyň öndürýän ýüplük önümleriniň dünýä bazarlarynda ýokary isleglere mynasypdygy aýratyn bellärliklidir. Kärhananyň önümçilik bölümleriniň, öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň döwrebap egriji enjamlar bilen üpjün edilmegi önümleriň ýokary hil derejesinde öndürilmegine mümkinçilik berýär. Şol ösen kämil enjamlara ýerli hünärmenler tarapyndan başarjaňlyk bilen erk edilýändigi has-da buýsançlydyr.

Bu ýerde işleriň sazlaşykly guralyp, bökdençsiz dowam etdirilmegi netijesinde şu ýylyň ilkinji çärýeginde nah ýüplükleriň 970 tonnasy öndürilip, şonuň hem 660 tonnasynyň ýerleşdirilmegi gazanylypdyr. Ýerleşdirilen nah ýüplükleriň 455 tonnasynyň ýa-da 3 million 825 müň manatlygynyň eksporta iberilendigi bu önümiň hyrydarlydygyndan habar berýär