Industrial Equipment & Machinery Manufacturer

Täzelikler

Türkmenabat şäherindäki «Lebap» söwda we dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň guramagynda «Hemişelik Bitarap Diýaryň çeper elli zenanlary» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Oňa welaýatyň dokma senagaty ulgamynda zähmet çekýän dokmaçy gyzlaryň 9-sy gatnaşdy. Olar öz aralarynda bäsleşigiň «Gadymy nagyşlaryň syrlary», «Sungatym bar — hormatym bar», «Kesbi-kärim nesillere görelde» ýaly şertleri boýunça bäsleşip, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Netijede Türkmenabadyň tikin fabriginiň tikinçisi Göwher Narlyýewa birinji, Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşiginiň dokmaçysy Jemal Hudaýnazarowa ikinji, Türkmenabat pamyk egriji fabriginiň hünärmeni Orazjemal Wepaýewa üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňijilere kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan taýýarlanylan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Birinji orna mynasyp bolan zenan bäsleşigiň Aşgabat şäherinde geçiriljek döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.