Industrial Equipment & Machinery Manufacturer

Biz barada

Aşgabat şäherindäki medisina hem-de kosmetiki pamyk önümlerini öndürýän fabrigi

Türkmenistanyň Çuňňur hormatlanylýan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly goldawy we hemişelik üns merkezinde saklamagy netijesinde Beýik Galgynyşlar we Täze özgertmeler zamanasynda ýurdumyzyň Dokma Senagaty pudagy ýurdymyzyň  ykdysadyýetiniň çalt depgitler bilen ösýän pudaklarynyň birine öwrüldi.

Aşgabat  şäherinde Medisina hem-de kosmetiki pamyk önümlerini öndürýän fabriginiň işe girizilmegi bu aýdylanlary yene-de bir gezek tassyklaýar. Desganyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2007-nji ýylyň 17-nji dekabryndaky “Aşgabat şäherinde medisina pamygy we kosmetiki pamyk serişdelerini öndürýän fabrigi gurmak hakynda” 9278 belgili kararyna laýyklykda amala aşyryldy. Taslamany Türkmenistannyň Dokma Senagaty ministrligi “Kotam Enterpraýzis LTD” (Türkiýa) kompaniýasy bilen bilelikde amala  aşyrdy.

Fabrigiň çig maly bolup, Dokma Senagaty pudagynyň kärhanalarynda emele gelýän arassalanan pagta egirme galdylary hyzmat edýär. Bu fabrikde her ýylda 4800 tonna arassalanan galyndylar gaýtadan işlener.

Işe girizilýän fabrigiň ýyllyk önümçilik kuwwatlylygy 4200  tonna medisina pamygy we 12.4mln. sany kosmetiki pamyk önümlerine (gulak arasssalanýan taýajyklar, pamyk diskleri we makiýažy aýyrýan tamponlar we ş.m.) öndürmeklige niýetlenen.


Fabrikde “MARZOLI”, “STREMA” (Italiýa), “TEXTENCHNO” (Şweýsariýa), “BALKAN”, “KAVURLAR”, “TETISAN”, “FORMAK” we “SAIT-IZMIT” (Türkiýa) ýaly önde baryjy enjam öndürjileriň 90-dan gowurak täze tilsimat enjamlary ornaşdyryldy.

Fabrikde her ýylda 7.5mln. Amerikan dollaryna barabar bolan önüm öndürilip içerki we daşarky bazarlaryň sarp edijilerine hödürlener. Fabrigiň önümçilik binalary metal konstruksiýalaryndan gurnalan we biri-birinden aýra durýan iki sany jaýdan ybaratdyr.

  • Umumy meýdan 2326 kw.metr bolan iki sany ammar jaýlaryny özüne birleşdirýän medisina pamygyny öndürýän bölümi. Bölümde işgärler üçin ofis, laboratoriýa, santehniki we beýleki kömekçi otaglar göz öňüne tutylan.
  • Umumy  meýdany 2326 kw.metr bolan taýýar önüm ammaryny özüne birleşdirýän kosmetiki pamyk önümlerini öndürýän bölümi. Bu seh özbaşdak sowadyş we howalandyryş ulgamy bilen enjamlaşdyrylan. Bölümde işgärler üçin eşik çalşyrylýan, suwa düşülýän we santehniki otaglar göz öňüne tutulan. Ammar jaýlary taýýar önümleri ýerleşdirmek üçin ýörite stilýažlar bilen üpjün edilen.

Fabrigiň edara binasynyň umumy meýdany 2133 kw.metr bolan 2 gatly binadyr. Binanyň bezeg işleri ak mermer, goýy gyzyl granit, alikobond we garaňky aýnalardan durýar. Binanyň otaglary mebelleriň toplumy, komýuterler we ofis enjamlary bilen üpjün edilendir.

Fabrigiň inženerlik bölegi bug gazanyny, 35/04 kwt transformator desgasyny, ýangyna garşy rezerwuar we 677 kub.metr göwrümli suw saklanylýan rezerwuary öz içine alýar. Daşarky inžener-kommunikasiýa ulgamlary (energiýa, bug we suw üpjünçiligi) enjamlaşdyrylan ýerasty geçirijileriň üsti bilen ýerine ýetirilen.

Medisina we kosmetiki pamyk önümlerini öndürýän fabriginiň işe girizilmegi 140 sany täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik berer.